“Arkadag” futbol klubunyň ýaşlar düzümi peýda boldy

  • 01.03.2024 14:11
  • 8.3k+

“Arkadag” toparynyň ýaşlar düzümi ilkinji gezek Türkmenistanyň ýaşlar birinjiligine gatnaşar. Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi 2-nji martda badalga alar diýlip, Futbol federasiýasynyň saýtynda aýdylýar.

Toparlaryň 9-synyň gatnaşmagynda geçiriljek ýaşlar çempionaty dört aýlawdan (ýaz-güýz) ybarat bolar. 
Uly toparlarda bolşy ýaly duşuşyklaryny öz meýdanynda hem-de myhmançylykda geçirjek ýaşlar düzümleriniň oýunlary uly toparlaryň geçirýän oýunlarynyň bir gün öňüsyrasy oýnalar. 
Geçen möwsümde ýaşlaryň arasyndaky birinjiligi Aşgabadyň “Altyn Asyr II” topary gazandy.

Ýokary liga futbol klublarynyň ýanyndaky ýaşlar toparlaryň arasyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň Birinjiligine gatnaşýan toparlaryň sanawyny we duşuşyklaryň tertibini şu salgydan görüp bilersiňiz.


düýn 00:22
3.2k+

«Pari Sen-Žermen» Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy sport topary diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby «Laureus World Sports Awards» dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy sport topary hökmünde ykrar edildi....

21.04.2026 20:58
4.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

21.04.2026 14:50
4.1k+

Sobolenko, Alkaras we Ýamal ýylyň iň gowy türgenleri hökmünde Laureus baýragyny aldy

Madridde dünýäde sport «Oskary» diýlip atlandyrylýan Laureus baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy türgenler diýlip tennisçiler — Belarusyň wekili Arina Sobolenko......

20.04.2026 15:24
8.3k+

FIFA-nyň prezidenti 2026-nyň dünýä çempionatynyň biletleriniň gymmat bolmagynyň sebäbini düşündirdi

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň oýunlaryna biletleriň gymmat bolmagynyň guramanyň maliýe gurluşy bilen baglydygyny, sebäbi bu ýaryşyň gurama üçin ýeke-täk girdeji......