Emeli aň howa menzilleriniň işini 20% çaltlaşdyrmagyň usulyny tapdy

  • 29.02.2024 15:24
  • 2.9k+

Lankaster uniwersitetiniň Menejment mekdebiniň britaniýaly gözlegçileri howa ýollarynyň hereketini dolandyrmaga täze çemeleşme tapdylar. Ol emeli aň tehnologiýalaryny ulanmaga esaslanýar. Makala Transportation Science (TRSC) žurnalynda neşir edildi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Sanly modelirlemäniň we optimizasiýanyň utgaşmasynyň kömegi bilen alymlar uçarlaryň gonuş yzygiderliligini kesgitlemegiň iň gowy usulyny tapdylar. Bu adaty “birinji geldi – birinji hyzmat edildi” düzgüni bilen deňeşdirilende, howadaky gijikmeleri 20%-den gowrak azaltmaga we howa menziliniň ähli amallarynda ýerbe-ýerligi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.
Gözlegçiler gatnaw wagtlarynyň, uçuş gijikmeleriniň, howa şertleriniň we beýleki faktorlaryň öňünden bilip bolmajak häsiýeti sebäpli howa menzilleriniň işiniň näbellilige sezewar bolýandygyny belleýärler.
Uçarlaryň gonuş yzygiderliligini optimizasiýalaşdyrmagyň häzirki usullary howa hereketini guramagyň ähli nýuanslaryny hemişe göz öňünde tutmaýar. Alymlaryň aýtmagyna görä, bu meseleden emeli aň baş çykarar. Neýroulgam kyn şertlerde kabul ediljek çözgütleriň netijelerini seljerer we iň gowy wariantlary hödürlär.


03.06.2026 00:14
3.6k+

Beýik Britaniýada gämiler üçin suwda ýüzýän wodorod elektrik stansiýasy synagdan geçirildi

Britaniýanyň deňiz konsorsiumy kenarýaka infrastruktura birikdirilmezden, portda duran ýerinde gämileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen, suwda ýüzýän elektrik stansiýasynyň täze nesli......

16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

04.05.2026 12:04
4.1k+

Ählumumy maglumat merkezleriniň gurluşygynyň şowhuny serişdelere düşýän agramy artdyrýar

Dünýäniň maglumat merkezleriniň infrastrukturasy çalt depginde giňelýär, bu bolsa gurluşykda iň uly şowhunlaryň birini döredýär we energiýa we suw serişdelerine düşýän agramy artdyrýar....