Microsoft dünýädäki programmaçylara özüniň AI infrastrukturasyna giriş açar

  • 29.02.2024 13:33
  • 1.5k+

Microsoft-yň prezidenti Bred Smit Barselonada geçen “Bütindünýä mobil kongresinde” (MWC) “Emeli aňa elýeterliligiň ýörelgelerini” hödürledi, ol dünýäniň AI döredijilerine özüniň bulut AI infrastrukturasyna elýeterliligi kepillendirýär diýip, Reuters habarlar gullugyna salgylanýan 3DNews ýazýar.

Kompaniýa emeli aň ulgamynda innowasiýalary we bäsdeşligi höweslendirmek, şeýle hem Microsoft-yň bazardaky agalygy babatyndaky howatyrlanmalary aradan aýyrmak isleýär.
Işläp düzüjiler Microsoft Azure-de AI programmalaryny gurmaga we ýerleşdirmäge mümkinçilik berýän AI gurallaryna, modellerine we API-lerine girip bilerler.
Microsoft öz modelleri bilen bäsleşikde döredijileriň gizlin maglumatlaryny ulanmaz, şeýle hem Microsoft Azure müşderileriniň maglumatlary aňsatlyk bilen eksport edip we başga bir bulut hyzmatyny üpjün edijä geçirip biljekdigine kepil geçýär.
Microsoft-yň prezidenti Bred Smit kompaniýanyň AI-ni jogapkärli ösdürmäge ygrarlydygyny we onuň artykmaçlyklarynyň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny isleýändigini aýtdy.

“Emeli aňa elýeterliligiň ýörelgeleri” Microsoft-yň AI-niň täzelikçisi we bazaryň öňdebaryjysy hökmünde jogapkärçiligini giňeltmäge gönükdirilendir. "Bulary neşir etmek bilen, dünýädäki guramalara we şahsyýetlere AI-ni ösdürmäge we jemgyýetiň peýdasyna peýdalanmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalara giň elýeterliligi üpjün etmegi maksat edinýäris" – diýip, Smit sözüniň üstüni ýetirdi.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......