Türkmen karateçileri BAE-de geçirilen Ýaşlar ligasy ýaryşynda iki bürünç medal gazandylar

  • 29.02.2024 07:49
  • 11k+

Türkmenistanly türgenler Fujeýrada (Birleşen Arap Emirlikleri) geçirilen «Ýaşlar karate ligasy» halkara ýaryşynda iki bürünç medal gazandylar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Bütindünýä Karate federasiýasynyň (WKF) howandarlygynda geçirilen bu ýaryşa 12 ýaşdan 20 ýaşa çenli ýaş derejesinde 78 ýurtdan 2070 türgen medallar ugrunda bäsleşdiler.
Türkmenistanyň Karate-do federasiýasynda «AA»-nyň habarçysyna aýtmaklaryna görä, ýaryşa toparymyzdan 25 türgen, 2 tälimçi we halkara derejeli 4 emin gatnaşdy.
Kadetleriň arasynda kumite (sparring) boýunça Türkmenistan milli ýygyndysyndan Aşgabat şäherindäki 61-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Alymuhammet Kakalyýew we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Gurbannazar Amandurdyýew bürünç medal eýelediler. Olaryň birinjisi 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesinde, ikinjisi bolsa 14 ýaşdan uly türgenleriň arasynda 52 kilograma çenli agram derejesinde şeýle üstünlik gazandylar.


03.06.2026 17:49
3.7k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......