Türkmenistanyň Bilim ministrligi Kataryň Bilimler şäheriniň iş tejribesi bilen tanyşdy

  • 29.02.2024 07:40
  • 14k+

Bilim ministri Baýramgül Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katar Döwletine amala aşyrýan gulluk-iş saparynyň çäklerinde ýurduň iri bilim merkezi – Bilimler şäheriniň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Bu iri ylym-bilim toplumy 12 inedördül kilometr çäkde ýerleşýär.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedowyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory Abdulaziz bin Muhammed Al-Hur bilen gepleşikleri geçirildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň bilim ministriniň Katar Döwletiniň ýokary okuw toplumlarynyň ýerleşýän ýeri - Bilimler şäheriniň ýolbaşçysy Fransisko Marmaleýo, akademik işler boýunça bölüminiň başlygy Abr Al Halifa we Kataryň Milli kitaphanasynyň başlygy Hamad Al Kawari bilen duşuşyklary geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar bilim ulgamynda iki ýurtda başlanan özgertmeleri durmuşa geçirmekde has netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki dostlukly ýurduň raýatlarynyň arasynda başarnyklary ýokarlandyrmak üçin bilelikdäki bilim, usulyýet, ylmy seminarlar we özara saparlara gyzyklanma bildirildi.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Bilimler şäheri we Kataryň Milli kitaphanasy bilen ýakyndan tanyş boldular.


şu gün 07:55
663

Oguz han adyndaky ITU daşary ýurt uniwersitetleri we kompaniýalary bilen 5 şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 10-11-nji iýun aralygynda Ylymlar güni mynasybetli «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

düýn 07:39
3.2k+

TOHI-niň mugallymlary Moskwadaky halkara bäsleşiklerde uly üstünlik gazandy

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim edaralary tarapyndan guralan halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýokary orunlary eýeledi....

08.06.2026 23:01
2.8k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......