Okuw merkezleriniň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşigiň Aşgabat we Ahal welaýat tapgyry geçirildi

  • 29.02.2024 06:44
  • 8.7k+

Golaýda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşiginiň Aşgabat we Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Döwlet bäsleşiginiň bu tapgyryna okuw merkezlerinde ýeňiji bolan diňleýjiler gatnaşdylar.

Indi ýurdumyzda ikinji gezek geçirilýän bu bäsleşik daşary ýurt dillerini suwara bilýänleriň ençemesini bir meýdança jemledi. Ýurdumyzyň dil merkezlerinden gelen ýaşlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Aç-açanlyk görnüşde geçirilen bäsleşikde diňleýjileriň ýerine ýetiren ýumuşlaryna eminler topary tarapyndan mynasyp baha berildi.
Bäsleşik iňlis we rus dilleri boýunça geçirildi. Her dil boýunça olimpiada gatnaşyjylar ýaş aýratynlyklary boýunça 3 topara bölündiler. Bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna iňlis dili boýunça 101, rus dili boýunça bolsa 66 sany okuwçy gatnaşyp, özüniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.          Netijede:

  • «Kämil bilim» okuw merkezinden 13 diňleýji;
  • «Zehin ýoly» okuw merkezinden 12 diňleýji;
  • «Gujurly bilim merkezinden» 6 diňleýji;
  • «Dana» bilim merkezinden 3 diňleýji;
  • TSTB Telekeçiler merkezinden 2 diňleýji;
  • «Bilim çeşmesi» okuw merkezinden 1 diňleýji bäsleşigiň ýurdumyz boýunça geçiriljek Döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bäsleşigiň Döwlet tapgyry 2024-nji ýylyň 10-njy martynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynda geçiriler.


19.06.2026 18:41
3.4k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.3k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......