Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Talyp gözeli - 2024” bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi

  • 29.02.2024 06:38
  • 15k+

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde talyp gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetliTalyp gözeli – 2024” gözellik bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşigiň maksady talyp gyzlaryň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, keşp gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramyny açyp görkezmekden ybarat boldy. Talyp gyzlar bäsleşigiň birinji şertinde Berkarar Watanymyzy, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny, öwrenýän hünärlerini wasp edip, dürli çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň ikinji şertinde unaş kesmek boýunça, üçünji şertinde milli mirasymyz bolan keşdeçilik sungaty boýunça bäsleşdiler.
Uniwersitetiň habar bermegine görä, bäsleşikde Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Gunça Jumageldiýewa ýeňiji bolup, baýrakly orna mynasyp boldy we jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......