Freddi Merkýuriniň Londondaky rezidensiýasy 35 million ýewro satuwa çykaryldy

  • 28.02.2024 13:33
  • 9.2k+

Britaniýaly sazanda we aýdymçy, «Queen» rok toparynyň öňki aýdymçysy Freddi Merkýuriniň rezidensiýasy auksionda satuwa çykaryldy. Bu barada «Bloomberg» habar berýär.

Bellenilmegine görä, onuň Londondaky rezidensiýasy 30 million funt sterlinge (35 million ýewro) satuwa çykaryldy. Häzirki wagtda rezidensiýanyň eýesi sazandanyň ýakyn dosty Meri Ostin bolup, aýdymçy oňa baýlygynyň köp bölegini miras galdyrdy. Onuň bellemegine görä, ol köp wagt bäri rezidensiýany satmak barada pikir edipdi we geçen ýylyň sentýabr aýynda «Sotheby’s» auksionynda Merkýuriniň şahsy zatlarynyň satuwyndan 50 million dollar ýygnalmagy onuň bu kararda tutanýerliligini artdyrdy. Maliýe serişdeleriniň bir bölegi «The Mercury Phoenix Trust» gaznasyna (sazanda ölenden soň döredilen haýyr-sahawat gaznasy) we Elton Jonyň AIDS-e garşy göreş gaznasyna geçirildi.


düýn 19:18
2.9k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......