Honor ChatGPT funksiýasy bolan noutbugy görkezdi

  • 28.02.2024 09:46
  • 2.5k+

Barselonada geçirilýän «Mobile World Congress (MWC) 2024» tehnologiýa sergisiniň çäklerinde «Honor» kompaniýasy emeli aň funksiýalary bolan täze «MagicBook 16 Pro» flagman noutbugyny tanyşdyrdy.

«Honor MagicBook 16 Pro» «Nvidia RTX 4060 GPU» we 32 GB operatiw ýat bilen utgaşdyrylan kuwwatly «Intel Core Ultra 7 155H» prosessory bilen işleýär. Goşmaça ýat «Apple» noutbuklaryndaky ýaly, enelik palata birleşdirilýär, şonuň üçin ony giňeldip bolmaýar. Şeýle-de bolsa SSD aýrylyp bilinýär we 1 TB moduly bilen bilelikde satylýar.
Täze önümiň aýratynlyklarynyň biri hem häzirki zaman generatiw emeli aň ulgamlaryna mahsus bolan operasion ulgama integrirlenen neýroulgamyň funksiýalarynyň bolmagydyr. Mysal üçin, akylly surat gözlegi funksiýasyny goldaýar, tekst resminamalaryny gysylan görnüşde gürrüň bermek, tebigy dildäki soraglara düşünmek, awtomatiki usulda subtitrleri döretmek we suratlardaky teksti tanamak üçin «Magic Text» funksiýasy bardyr.
Şeýle hem noutbuk 3072-e 1920 piksel durulygy, 144 Hz täzeleniş tizligi we azyndan 300 nit ýagtylygy bolan 16 dýuýmlyk IPS ekrany bilen üpjün edildi. Kompýuterde iki USB-C 3.2 port, iki USB-A 3.2 port, doly ölçegli HDMI 2.0 porty we gulaklyklar üçin bölüm bardyr.
Noutbuk 65W çenli tizlikde USB-C portlarynyň biriniň üsti bilen zarýad alýar. Akkumulýatoryň sygymy 56 Wt/sagat bolup, 10 sagat üznüksiz işlemek üçin ýeterlikdir. «MagicBook 16 Pro-nyň» agramy 1,86 kg-a deň.
Täze «Honor» kompýuteri 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde satuwa çykarylar. Enjamyň bahasy aýan edilmeýär.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
965

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...