Toyota tizligi geçiriş korobkasynyň näsazlyklary sebäpli 280 000 sany täze ulagy yzyna çagyrýar

  • 27.02.2024 14:52
  • 16k+

Toyota awtomatiki geçiriş korobkasynyň näsazlyklary sebäpli 280 000 sany Tundra, Sequoia we Lexus LX 600 ýaly pikaplary we wnedorožnikleri yzyna çagyrýar. Awto.ru-nyň habar bermegine görä, bitarap ýagdaýa geçirilende awtoulaglar hereketini dowam etdirip bilýär, bu bolsa heläkçilik töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.

Kompaniýa programma üpjünçiliginiň täzelenmegi bilen meseläniň çözüljekdigini ynandyrýar. Toyota bu näsazlyk bilen baglanyşykly heläkçiligiň ýa-da şikes ýetmäniň ýüze çykandygy barada hiç zat habar bermeýär.
Yza çagyryş 2022-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli öndürilen ulaglara degişlidir. Olarda 10 tizlikli Aisin “awtomatik” geçiriş ulanylýarlar.
Ýaňy-ýakynda biz Toyota-nyň näsaz Takata howpsuzlyk ýassygy sebäpli 50 000 sany RAV4, Corolla we Corolla Matrix krossowerlerini yzyna çagyrandygyny habar beripdik.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......