Sony “Kola” bilen “Pepsiniň” arasyndaky gapma-garşylyk barada film surata düşürer

  • 27.02.2024 14:31
  • 7.3k+

Sony Pictures studiýasy doly metražly Cola Wars filmi üçin hukuk gazandy. Kartina 1980-nji ýyllarda ABŞ-da bolup geçen Coca-Cola bilen Pepsi brendleriniň arasyndaky göreş barada gürrüň berer. Bu barada film.ru habar berýär.

Kartinanyň ssenariýasyny Jeýson Şuman (“Akapulko” serialy) we Ben Kuin (“Ulaglar 3”) ýazar. Filmiň heniz režissýory we aktýorlar düzümi belli däl. Sýužet barada hem maglumat berilmeýär.
1980-nji ýyllaryň ortalarynda Pepsi dünýäniň esasy gazlandyrylan içgisi adyny Coca-Cola-dan almaga synanyşýar we munuň üçin meşhur adamlary, şol sanda aýdymçy Maýkl Jeksony işe çekýär. Mahabat rolikleriniň biriniň surata düşürilişinde Jekson agyr ýanyk alýar.
Cola Wars filminiň reliziniň senesi häzirlikçe belli däl.


11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

08.06.2026 16:23
1.9k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......

07.05.2026 11:00
1.5k+

Sony Tarantinonyň Jango bilen Zorronyň duşuşygy hakyndaky komiksini ekranlaşdyrýar

Sony Pictures kinostudiýasy «Azat edilen Jango» («Джанго освобожденный») we «Zorronyň nykaby» («Маска Зорро») filmleriniň gahrymanlarynyň resmi krossoweri boljak «Jango/Zorro» atly filmiň üstünde işläp başlady....