74-nji Berlin kinofestiwalynyň ýeňijileri yglan edildi

  • 27.02.2024 09:01
  • 6.8k+

Afrikadan kolonistler tarapyndan ogurlanan sungat obýektleri barada gürrüň berýän “Dagomeýa” dokumental filmi 74-nji Berlin kinofestiwalynyň baş baýragy – “Altyn aýy” baýragyna mynasyp boldy. Bu barada çäräniň saýtyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Mati Diop öz kartinasyny 1982-nji ýylda Afrikanyň Dagomeýa döwletinden Fransiýa äkidilen sungat obýektleriniň taryhyna bagyşlaýar. Baýrak gowşurylyş dabarasynda fransiýaly režissýor bu meselede “adalatyň geljekdigine” we oljalaryň yklyma gaýtaryljakdygyna umyt bildirdi.
Kinofestiwalyň Gran-prisini “Syýahatçynyň zerurlyklary” filmi üçin günorta koreýaly režissýor Hon San-su aldy. “Iň gowy režissýorlyk işi” üçin baýrak “Pepe” filmi üçin dominikanly Nelson Karlo de los Santos Ariasa berildi. “Iň gowy aktýorlyk işi” nominasiýasynda ýeňiji “Başga adam” filminde surata düşen amerikaly Sebastýan Sten boldy.


08.06.2026 08:03
5.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......