Jeep 2025-nji ýyla çenli awtoulag modelleriniň bäşisini täzelär

  • 26.02.2024 14:36
  • 16k+

«Stellantis» konserniniň düzümine girýän «Jeep» amerikan awtoulag brendi 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bäş sany täze we täzelenen modelini hödürlär. Bu barada gazeta.ru «Motor1» neşirine salgylanyp habar berýär.

«Jeep» modelleriniň arasynda iň ýyndamy boljak «Jeep Wagoneer S SUV» awtoulagynyň önümçiligi 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde başlar we üçünji çärýekde satuwa çykarylar. Awtoulag 100 km/sag tizlige 3,5 sekuntda ýetmäge ukyply bolar. Täze «Jeep Recon» krossoweri hem ýylyň ahyrynda satuwa çykarylar. «Wagoneer S» ýaly, ol hem ulaldylan «STLA Large» platformasynda döredildi.
Amerikan awtoulag öndürijisi 2025-nji ýylda zarýad berilýän «Jeep 4xe» gibrid awtoulaglarynyň görnüşlerini artdyrmagy maksat edinýär. Täze modelleriň biri öň yglan edilen «Jeep Gladiator PHEV» pikapy bolup biler.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....