Microsoft täzelenmelere gabat gelýän ähli PK-da Windows-y mejbury täzelär

  • 26.02.2024 08:53
  • 2.1k+

Microsoft ähli gabat gelýän personal kompýuterleri Windows 11 23H2 wersiýasyna çenli awtomatiki täzeläp başlady. Ilkinji nobatda Windows 11 ulgamynyň talaplaryna doly laýyk gelýän gurluşlar täzelener diýip, iGuedes belleýär.

Näsazlyklar düzedilenden soň, täzelenme täze OS bilen bölekleýin gabat gelýän kompýuterler üçin elýeterli bolar. Netijede, Windows 11 21H2 we 22H2 bilen işleýän ähli personal kompýuterler 23H2 wersiýasyna çenli täzelener.
Ýatlap geçsek, 23H2 täzelenen “Explorer-i”, Copilot neýroulgam kömekçisini, ulgam ätiýaçlygy üçin gaýtadan işlenen kömekçi programma ýaly birnäçe gowulandyrmalary öz içine alýar.
Windows 11 21H2 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabryndan bäri Microsoft tarapyndan goldanylmaýar we howpsuzlyk programmalaryna eýe bolmaýar. Windows 11 22H2-niň goldawy 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda bes ediler.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
909

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...