Obameýang Falkaonyň rekordyny täzeläp, Ýewropa ligasynyň taryhynda iň köp gol geçiren oýunçy boldy

  • 26.02.2024 00:28
  • 8.3k+

«Marseliň» hüjümçisi Pýer-Emerik Obameýang Ýewropa ligasynyň taryhynda iň köp gol geçiren oýunçy boldy. 34 ýaşly gabonly futbolçy ýaryşda 31 gezek tapawutlanyp, Radamel Falkaodan öňe geçdi. Bu barada Sports.ru portaly ýaryşyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Obameýang ýaryşyň pleý-off tapgyrynyň «Şahtýora» garşy jogap duşuşygynda (3:1) 31-nji goluny derwezä girizdi.
Ozal futbolçy «Milan», «Monako», «Çelsi», «Arsenal», «Barselona», «Borussiýa» (Dortmund) we «Sent-Etýen» toparlarynda çykyş edipdi.
Ýewropa ligasynda iň köp gol geçiren oýunçylaryň sanawynda üçünji orny Aris Aduris we Romelu Lukaku paýlaşýar (hersi 26 gol).


düýn 17:07
7k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.6k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.8k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.1k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....