Magtymguly adyndaky TDU-da «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi

  • 24.02.2024 18:23
  • 29k+

20-nji fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi. Oňa fakultet tapgyrlarynda ýeňiji bolan gyzlar gatnaşdylar.

TDU-nyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bäsleşigiň birinji şerti boýunça talyp gyzlar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyryp, ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany wasp edip, aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alnyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek boýunça ukyp-başarnygyny görkezmek ikinji şertiň özenini düzdi. Talyp gyzlar özleriniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly beýan edip, «Hünärim bar — hormatym bar» atly üçünji şerti ýerine ýetirdiler.
Şeýlelikde, emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, matematika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Akgözel Ýagmyrowa «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyrynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Ýeňiji gözellik bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen bäsleşigiň esasy maksady talyp gyzlaryň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, keşp gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlary bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmekden ybaratdyr.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......