Honor smartfon we göz arkaly ulagy dolandyrmak üçin emeli aň funksiýasyny hödürledi

  • 24.02.2024 18:01
  • 6.2k+

«Honor» kompaniýasy ulanyja serediş we smartfon arkaly awtoulagy dolandyrmaga mümkinçilik berýän emeli aň esasly innowasion tehnologiýany hödürledi. Bu barada «GSMArena» portaly habar berýär.

Tehnologiýa smartfonyň frontal kamerasynyň gapdalynda gurnalan 3D ToF skaneri arkaly ulanyjynyň göz hereketlerini seljerýär we olary awtoulag buýruklaryna öwürýär. Tanyşdyryş wideosy ulanyjynyň motory nädip açyp we öçürip biljekdigini, şeýle hem «Honor Magic 6 Pro» smartfonyndaky programmanyň ýörite nyşanlaryna 2-3 sekunt seredip, maşyny öňe we yza süýşürip biljekdigini görkezýär.
Şeýle-de bolsa, häzirki tapgyrda awtoulagy, şol sanda onuň ruluny doly dolandyrmak mümkin däl. Mundan başga-da, tehnologiýa häzirki wagtda diňe Hytaýda tanyşdyryş prototipi hökmünde elýeterlidir. Adaty ulanyjy bu funksiýany peýdalanyp bilmez.
Awtoulagdaky şeýle mümkinçilikler geljekde, mysal üçin, howa gözegçiligini dolandyrmaga kömek eder, munuň üçin eliňi ruldan aýyrmagyň zerurlygy bolmaz. Şeýle çözgüdiň ýol hereketinde näderejede ygtybarlydygy aýan edilmeýär.
«Honor» kompaniýasy emeli aň çözgütleri barada has giňişleýin maglumatlary fewral aýynyň ahyrynda geçiriljek «MWC 24-de» paýlaşmagy meýilleşdirýär.


düýn 12:35
1.5k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

düýn 08:32
2.6k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

12.06.2026 23:56
2k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......