Türkmenistanyň zenanlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi

  • 23.02.2024 17:24
  • 7.9k+

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitaby esasynda zenanlaryň arasynda “Ýaş türkmen zenanlary – Berkarar döwletiň mertebe tugy” atly bäsleşigi geçirildi. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň çar künjeklerinden 18-35 ýaşa çenli dürli pudaklarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.
Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, onuň 1-nji şertinde gatnaşyjy zenanlar “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabyndan parçalary ýatdan aýtdylar.
Ikinji şertde zenanlar amaly-haşam sungatyny, däp-dessurlary, çeper el hünärini, milli keşdeçilik, halyçylyk sungatlaryny kämil derejede ösdürmekde, gadymy keşdeçilik mirasymyzyň ýiten nusgalaryny dikeltmekde, iň ajaýyp görnüşlerini ýüze çykarmakda, ýaýratmakda we nesilden-nesle geçirmekde hem-de ony giňden wagyz etmekde maşgalanyň, zenanlaryň orny barada anyk mysallar bilen gürrüň berdiler.
Bäsleşigiň 3-nji şertinde gatnaşyjylar “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň halka gowuşmagynyň şanyna toý tutmaly, kitap barada, kitabyň özlerinde galdyran täsirleri barada dabaraly wasp etmeli, öz ukybyna laýyklykda kitaba bagyşlanan aýdymyň, dessanyň, goşgynyň we gazallaryň üsti bilen buýsançlaryny täsirli beýan etdiler.
Ýeňijiler we bäsleşige işjeň gatnaşan zenanlar Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Hormat hatlara we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular.


düýn 10:10
2.9k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.1k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......