Awtobusyň ululygyndaky Ýewropa hemrasy Ýuwaş ummanyna gaçdy

  • 23.02.2024 17:39
  • 15k+

Çarşenbe güni, 21-nji fewralda Ýewropanyň kosmos agentliginiň (EKA) ERS-2 hemrasy tas 30 ýyl orbitada bolanyndan soň Ýere gaýdyp geldi. Zond atmosferadan geçip, Ýuwaş ummanynyň demirgazyk böleginde suwa gitdi. Bu barada EKA-nyň resmi saýtyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Kosmos agentliginiň maglumatlaryna görä, hemranyň bölekleri Alýaska bilen Gawaýi adalarynyň aralygynda Ýuwaş ummanyna gaçmalydy. Agentlik ERS-2 materiallarynyň radioaktiw ýa-da zäherli maddalary saklamaýandygyna ynandyrýar.
ERS-2 kosmosa 1995-nji ýylyň aprel aýynda uçuryldy we 2011-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli işledi. Enjam Ýeriň gury ýerleri, buz örtükleri we ummanlary barada maglumat ýygnamak, şeýle-de tebigy betbagtçylyklaryň täsirine gözegçilik etmek üçin işlenip düzüldi. Zonduň öz göwrümi ýolagçy awtobusy bilen deň bolup, agramy 2516 kilogramma barabardy. Ähli ýangyç sarp edilenden soň gäminiň agramy 2294 kilogramma çenli azaldy.
Planetany zond bilen barlamak missiýasy tamamlanandan soň, enjam ýuwaş-ýuwaşdan aşak düşüp başlady we bu tas 13 ýyl dowam etdi. Bu tapgyrda EKA-nyň hünärmenleri hemrany dolandyryp bilmediler, sebäbi onda ýangyç galmady, ähli elektron ulgamlar bolsa öçdi.


düýn 11:37
4.3k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

düýn 11:21
3.2k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

düýn 10:36
1.7k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.4k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......