Iki ýurt genetik taýdan modifisirlenen bananyň satuwyny makullady

  • 23.02.2024 17:36
  • 8.9k+

Awstraliýada we Täze Zelandiýada genetik taýdan modifisirlenen bananlaryň satuwyna rugsat berildi. Bu barada Food Standards Australia New Zealand (FSANZ) azyk guramasynyň saýtyna salgylanyp, Esquire Kazakhstan habar berýär.

Cavendish  QCAV-4 – bu dünýäde täjirçilik taýdan ösdürip ýetişdirmek üçin tassyklanan gen modifikasiýaly ilkinji banan sortudyr. Onuň önümçiligi üçin arzany Awstraliýanyň Brisben şäherinde ýerleşýän Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň işgärleri berdi.
Täze sorty işläp taýýarlamak bilen bu uniwersitetden Jeýms Deýl meşgullandy. Taslamanyň üstündäki iş 20 ýyldan gowrak wagt dowam etdi, olardan ýedi ýyl meýdan synaglaryna sarp edildi.
Bu işiň maksady “Panama keseline” – ekin ýerleriniň uly möçberini ýok edýän kesele garşy durup biljek bananlaryň ösdürilmegi boldy. Soňky ýyllarda patogeniň täze ştammy Tropical Race 4 (TR4) 20 ýurtda ýüze çykaryldy.
Bananyň Cavendish sorty dünýäde iň meşhur sort hasaplanýar, global banan önümçiliginiň 47%-i onuň paýyna düşýär. 2019-njy ýylda hytaýly alymlara “Panama keseline” garşy durup bilýän Cavendish-iň täze hataryny döretmek başartdy. Soňlugy bilen bu ugurdaky gözlegler beýleki ýurtlarda-da dowam etdi.


04.05.2026 12:48
3.9k+

Kiwi guşlary bir asyr gowrak wagtdan soň Wellingtona dolanýarlar

Täze Zelandiýanyň paýtagty Wellingtonda bir asyrdan gowrak wagt mundan ozal by ýerlerden ýitirim bolan kiwi guşlaryny yzyna getirmek boýunça uly maksatnama amala aşyrylýar. Bu taslamanyň çäginde sebitiň tebigy......

22.04.2026 17:08
7.4k+

22 sagatlap howada bolmak isleýänlere: Qantas dünýäniň iň uzak uçuşlaryny taýýarlaýar

Awstraliýanyň Qantas awiakompaniýasy awiasiýa taryhynda iň dowamly täjirçilik uçuşlaryny amala aşyrmaga taýýarlanýar. Täze gatnawlar Sidneý şäherini London we Nýu-Ýork bilen birleşdirer....

20.04.2026 14:53
12k+

91 ýaşynda ata boldy: Awstraliýanyň ýaşaýjysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Awstraliýaly Çarlz Smit dünýäde ilkinji gezek ata bolan iň garry erkek adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan ykrar edildi. Agtygy Aýlanyň dünýä inen pursatynda Smitiň ýaşy 91 ýyl 209......

18.04.2026 15:16
3.4k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......