Google Android roboty şekilindäki kolleksion oýunjaklary satyp başlady

  • 22.02.2024 18:54
  • 4.5k+

«Google» harytlarynyň resmi dükany 16 dollara «Android Classic» kolleksion heýkeljigini hödürledi. Bu barada gazeta.ru «GizmoChina» portalyna salgylanyp habar berýär.

Oýnawaç çäkli sanda öndürilip, satyn almak üçin diňe ABŞ-da elýeterli bolar. Ol hereketli elleri bolan «Android» operasion ulgamynyň nyşanynyň 3 dýuýmlyk winil şekilidir.

«Biz köp garaşylan «Android» kolleksion heýkeljigini hödürleýändigimiz üçin diýseň begenýäris! Bu «Bugdroid» özboluşly aýratynlyklara baýdyr we islendik stoly ýa-da kitap tekjesini bezär» diýlip, heýkeljigiň beýanynda bellenilýär.

Robotyň ady Bot, ýöne önümiň sahypasynda bu at agzalmaýar. Munuň ýerine köp ýyl bäri ykjam operasion ulgamyň nyşanyny suratlandyrmak üçin ulanylýan «Bugdroid» sözi duş gelýär.
Oýnawajyň öndürijisi belli däl, ýöne internetde onuň «Dead Zebra» tarapyndan döredilendigi çaklanylýar. Ol ozal «Google» bilen hyzmatdaşlykda beýleki heýkeljikleri we esbaplary öndüripdi.
20-nji fewralda «Google-yň» web sahypasynda kolleksion oýunjaklaryň gutarandygy mälim edildi. Bu heýkeljigiň näçe mukdarda öndürilendigi mälim edilmedi.


29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

03.05.2026 23:57
1.4k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......

28.02.2026 15:20
1.2k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...