Ethereum-yň bahasy soňky 2 ýylda ilkinji gezek 3000 dollardan gymmatlady

  • 22.02.2024 18:32
  • 4.2k+

Ethereum (ETH)  kriptowalýuta tokeniniň bahasy, maýa goýujylaryň ululygy boýunça ikinji kriptowalýuta gyzyklanmasynyň artmagy sebäpli, soňky iki ýylda ilkinji gezek 3000 dollardan geçdi. CoinGecko-nyň maglumatlaryna görä, ETH bir hepdäniň dowamynda 12 göterim we şu ýylyň başyndan bäri bolsa 30 göterim ýokarlanyp, 22 göterim ýokarlanan bitkoinden (BTC) öňe geçdi diýip, CoinDesk-e salgylanýan 3DNews habar berýär.

ETH-iň ýokarlanmagynyň sebäpleriniň biri - ABŞ-daky Ethereum-da spot birža gaznalarynyň (ETF) tassyklanmagyna garaşylýanlygy. ETF – bu belli bir aktiwiň ýa-da aktiwler toparynyň bahasyny yzarlaýan maýa goýum gaznalary. Ethereum-ETF ýagdaýynda ETH aktiw bolar we maýadarlar kriptowalýuta gönüden-göni eýeçilik etmezden, gaznanyň paýnamalaryny satyn alyp we satyp bilerler.
Ethereum ETF-leri az töwekgelçilik we az çylşyrymlylyk bilen kripto bazaryna girmegiň ýoluny gözleýän has institusional maýadarlary özüne çekip biler. Şuňa meňzeş netije geçen aý ABŞ-da başlanan we dolandyrylýan 1 milliard dollardan gowrak emläk toplan bitkoin-ETF-lerinde-de boldy.
Hünärmenler Ethereum-ETF-iň ABŞ-da tassyklanmagynyň ähtimallygynyň ýokarydygyna ynanýarlar, sebäbi düzgünleşdiriji guramalar eýýäm bitkoin-ETF-ä ýaşyl yşyk berdi we syýasatyny beýleki kriptowalýutalara giňeldip biler. SwissOne Capital -yň baş maýa goýum bölüminiň başlygy Kenni Hirnanyň pikiriçe, Ethereum-ETF-iň maý aýyna çenli tassyklanmak ähtimallygy 50%, ýylyň ahyryna çenli bolsa - 100% töweregi.


03.10.2025 17:03
4.2k+

Pawel Durow bitkoiniň $1 mln çenli ösüşini çaklady we Telegram-y “ýitgili taslama” diýip atlandyrdy

Telegram messenjeriniň esaslandyryjysy we işewür Pawel Durow bitkoiniň geljegi barada pikirleri bilen paýlaşdy. Onuň pikiriçe, kriptowalýutanyň bahasy bir million dollara ýetip biler. Ol öz çaklamasyny žurnalist Leks Fridman bilen söhbetdeşlikde aýtdy...

30.09.2025 16:59
2.6k+

Dünýäde kriptomillionerleriň sany bir ýylda 40% artyp, 241 700-e ýetdi

Soňky bir ýylda dünýäde kriptowalýuta millionerleriniň sany 40% artyp, 241 700 adama ýetdi. Bu barada Henley & Partners konsalting kompaniýasynyň hasabatyna salgylanyp, CoinDesk habar berýär. Kriptomillionerleriň sanynyň artmagy bazaryň ösüşi bilen baglanyşyklydyr: iýunda onuň kapitalizasiýasy 3,3 trln dollara ýetdi, bu bir ýyl ozalkydan 45% köpdür...

06.09.2025 16:32
7.7k+

Erik Tramp American Bitcoin-iň paýnamalarynyň ösmegi netijesinde milliarder boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ogly, telekeçi we haýyr-sahawatçy Erik Tramp milliarder boldy. Bu American Bitcoin kriptowalýuta kompaniýasy NASDAQ biržasyna çykandan soň bolup geçdi diýip, Forbes habar berýär...

14.04.2024 14:46
9.4k+

Kriptowalýutalar birden 10-30% arzanlady. Bitkoin ýitiren bahasynyň bir bölegini yzyna almagy başardy

Şenbe güni geçirilen söwda sessiýasynda bitkoiniň hümmeti düýpli üýtgäp başlady. Iki sagadyň dowamynda esasy kriptowalýutanyň bahasy, takmynan, 10% arzanlap, 60-61 müň dollar töweregi aşaklady, hatda, birža baglylykda...