Dünýäde kriptomillionerleriň sany bir ýylda 40% artyp, 241 700-e ýetdi

  • 30.09.2025 16:59
  • 2.6k+

Soňky bir ýylda dünýäde kriptowalýuta millionerleriniň sany 40% artyp, 241 700 adama ýetdi. Bu barada Henley & Partners konsalting kompaniýasynyň hasabatyna salgylanyp, CoinDesk habar berýär.

Kriptomillionerleriň sanynyň artmagy bazaryň ösüşi bilen baglanyşyklydyr: iýunda onuň kapitalizasiýasy 3,3 trln dollara ýetdi, bu bir ýyl ozalkydan 45% köpdür.
Ösüşiň esasy çeşmesi bitkoin bolmagynda galýar. Hasabat maglumatlaryna görä, BTC-de 1 mln dollardan gowrak bahaly portfeli bolan adamlaryň sany 70% artyp, 145 100 adama ýetdi. Kriptowalýutalarda azyndan 100 mln dollara eýeçilik edýän adamlaryň sany 450 maýadara barabar, 36 adam bolsa eýýäm milliarder hasaplanýar.
Bellenilişi ýaly, sanly aktiwlere bolan çemeleşme hem üýtgeýär: ozal bitkoin, esasan, soňundan gymmat satmak üçin satyn alynýardy. Häzir ol ygtybarly girew we kapital ýygnamak üçin esasy walýuta hökmünde kabul edilýär.
Henley & Partners-iň maglumatlaryna görä, kriptowalýutalaryň merkezleşdirilmedik bolmagy dünýäde baýlygyň paýlanyşyny hem üýtgedýär. Köp maýadarlar düzgünleşdiriji töwekgelçilikleri azaltmak we amatly salgyt düzgünleri bolan ýurtlarda bank hyzmatlaryna elýeterli bolmak üçin raýatlyk ýa-da ýaşaýyş ygtyýarnamasyny almak maksatnamalaryna işjeň gatnaşýar. Kripto-maýadarlar üçin Singapur, Gonkong, ABŞ, Şweýsariýa we BAE öňdebaryjy ýurtlar hasaplanýar.
Henley & Partners-iň hususy müşderiler bilen işlemek boýunça bölüminiň başlygy Dominik Wolek kriptowalýutanyň geografiki çäklendirmeleri aradan aýyrýandygyny belledi. “Bary-ýogy 12 söz Sýurihden-de, Çžençžoudan-da elýeterli boljak bitkoinde milliardlarça dollary saklamaga mümkinçilik berýär”.  


03.10.2025 17:03
4.2k+

Pawel Durow bitkoiniň $1 mln çenli ösüşini çaklady we Telegram-y “ýitgili taslama” diýip atlandyrdy

Telegram messenjeriniň esaslandyryjysy we işewür Pawel Durow bitkoiniň geljegi barada pikirleri bilen paýlaşdy. Onuň pikiriçe, kriptowalýutanyň bahasy bir million dollara ýetip biler. Ol öz çaklamasyny žurnalist Leks Fridman bilen söhbetdeşlikde aýtdy...

06.09.2025 16:32
7.7k+

Erik Tramp American Bitcoin-iň paýnamalarynyň ösmegi netijesinde milliarder boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ogly, telekeçi we haýyr-sahawatçy Erik Tramp milliarder boldy. Bu American Bitcoin kriptowalýuta kompaniýasy NASDAQ biržasyna çykandan soň bolup geçdi diýip, Forbes habar berýär...

14.04.2024 14:46
9.4k+

Kriptowalýutalar birden 10-30% arzanlady. Bitkoin ýitiren bahasynyň bir bölegini yzyna almagy başardy

Şenbe güni geçirilen söwda sessiýasynda bitkoiniň hümmeti düýpli üýtgäp başlady. Iki sagadyň dowamynda esasy kriptowalýutanyň bahasy, takmynan, 10% arzanlap, 60-61 müň dollar töweregi aşaklady, hatda, birža baglylykda...

02.04.2024 05:53
5.3k+

ABŞ-nyň kompaniýasy Ethereum-ETF spotlaryny tassyklamagyny haýyş edip döwlet düzgünleşdirijisine ýüz tutdy

Blokçeýnler üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýan we MetaMask kripto gapjygyny döreden ConsenSys kompaniýasy spot Ethereum-ETF-leriň ykrar edilmek mümkinçiligine seretmek baradaky haýyş bilen ABŞ-nyň Gymmatly...