Pawel Durow bitkoiniň $1 mln çenli ösüşini çaklady we Telegram-y “ýitgili taslama” diýip atlandyrdy

  • şu gün 17:03
  • 1k+

Telegram messenjeriniň esaslandyryjysy we işewür Pawel Durow bitkoiniň geljegi barada pikirleri bilen paýlaşdy. Onuň pikiriçe, kriptowalýutanyň bahasy bir million dollara ýetip biler. Ol öz çaklamasyny žurnalist Leks Fridman bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Durow Telegram-y “ýitgili taslama” diýip atlandyrdy we messenjeriň hut bitkoine maýa goýumlaryň netijesinde işlemegini dowam etdirýändigini aýtdy.
Şeýle-de, ol sanly bilen adaty walýutalaryň arasyndaky tapawuda ünsi çekdi. “Hökümet puly ertir ahyrzaman boljak ýaly çap edýär. Bitkoini bolsa hiç kim çap etmeýär. Onuň bellibir wagtda saklanjak öňünden kesgitläp boljak inflýasiýasy bar. Bitkoin çynlakaý we uzak möhletli, beýleki kagyz pullar bolsa kesgitsiz” – diýip, telekeçi belledi.
Şondan tiz wagtdan soň Durow Astanadaky Digital Bridge 2025 forumynda çykyş edip, Gazagystanda Alem AI emeli aň barlaghanasynyň döredilendigini mälim etdi.
Işewüriň aýtmagyna görä, ilkinji taslama “Telegram bilen Gazagystanyň superkompýuter klasteriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk” bolar.

“Soňky birnäçe aýda biz täze tehnologiýanyň – blokçeýn bilen EA-nyň birleşmeginiň üstünde işledik. Ol bir milliarddan gowrak adama merkezleşdirilmedik kompýuter ulgamy tarapyndan döredilen EA funksiýalaryny ulanmaga mümkinçilik berer” – diýip, Durow aýtdy.

Soňra KHBS Telegram-yň esaslandyryjysynyň Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýew bilen duşuşandygyny habar berdi. Duşuşygyň dowamynda bilim, emeli aň we kiberhowpsuzlyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 


30.09.2025 16:59
2.3k+

Dünýäde kriptomillionerleriň sany bir ýylda 40% artyp, 241 700-e ýetdi

Soňky bir ýylda dünýäde kriptowalýuta millionerleriniň sany 40% artyp, 241 700 adama ýetdi. Bu barada Henley & Partners konsalting kompaniýasynyň hasabatyna salgylanyp, CoinDesk habar berýär. Kriptomillionerleriň sanynyň artmagy bazaryň ösüşi bilen baglanyşyklydyr: iýunda onuň kapitalizasiýasy 3,3 trln dollara ýetdi, bu bir ýyl ozalkydan 45% köpdür...

06.09.2025 16:32
7.5k+

Erik Tramp American Bitcoin-iň paýnamalarynyň ösmegi netijesinde milliarder boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ogly, telekeçi we haýyr-sahawatçy Erik Tramp milliarder boldy. Bu American Bitcoin kriptowalýuta kompaniýasy NASDAQ biržasyna çykandan soň bolup geçdi diýip, Forbes habar berýär...

24.02.2025 14:43
5.2k+

Telegram jorap satýar: şeýle sowgatlar messenjere millionlarça dollar getirýär

23-nji fewralda Telegram messenjerinde beýleki ulanyjylara berip boljak wirtual joraplar peýda boldy. Bu sowgat baýramçylykda erkeklere jorap sowgat etmek ýaly degişme äheňli sowet we rus däbi bilen baglanyşykly...

26.12.2024 07:24
2.7k+

Telegram ilkinji gezek girdeji gazandy. Messenjeriň girdejisi 1 milliard dollardan geçdi

Telegram messenjeri 2024-nji ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, taryhynda ilkinji gezek girdeji aldy. Üstünlik abonentleriň sanynyň we mahabat girdejileriniň köpelmegi bilen bagly. Kompaniýanyň...