Kriptowalýutalar birden 10-30% arzanlady. Bitkoin ýitiren bahasynyň bir bölegini yzyna almagy başardy

  • 14.04.2024 14:46
  • 9.3k+

Şenbe güni geçirilen söwda sessiýasynda bitkoiniň hümmeti düýpli üýtgäp başlady. Iki sagadyň dowamynda esasy kriptowalýutanyň bahasy, takmynan, 10% arzanlap, 60-61 müň dollar töweregi aşaklady, hatda, birža baglylykda, ondanam birneme arzanlady.

Pese gaçyş Ýakyn Gündogarda ýagdaýyň ýitileşmegine sebäp boldy. Geosyýasy meýdançadaky dartgynlylyk, köplenç, maýa goýujylar töwekgelçilikleriň öňüni almak üçin alternatiw serişdeleri gözläp başlanda, kriptowalýuta bazarynda işjeňligiň ýokarlanmagyna sebäp bolýar.
Şol bir wagtyň özünde dominasiýa ep-esli ýokarlandy we altkoinleriň köpüsi hasam çökdi. Käbir kriptowalýutalar 25-30% ýa-da ondanam arzanlady.
Şeýle-de bolsa, peseliş haýallady we hümmeti hatda 65 müň dollardan hem ýokary galdy, ýöne tiz wagtdan ýene 62 müň dollara çenli pese gaçdy.
Gysga möhletli durnuksyzlyga garamazdan, bilermenleriň köpüsi bitkoiniň uzak möhletleýin geljegine umytly garaýar. Ösýän institusional kabul edişlik we kriptowalýutanyň çäkli berilmegi geljekde nyrhy goldap biljek faktorlar hökmünde görülýär.


03.10.2025 17:03
4.1k+

Pawel Durow bitkoiniň $1 mln çenli ösüşini çaklady we Telegram-y “ýitgili taslama” diýip atlandyrdy

Telegram messenjeriniň esaslandyryjysy we işewür Pawel Durow bitkoiniň geljegi barada pikirleri bilen paýlaşdy. Onuň pikiriçe, kriptowalýutanyň bahasy bir million dollara ýetip biler. Ol öz çaklamasyny žurnalist Leks Fridman bilen söhbetdeşlikde aýtdy...

30.09.2025 16:59
2.5k+

Dünýäde kriptomillionerleriň sany bir ýylda 40% artyp, 241 700-e ýetdi

Soňky bir ýylda dünýäde kriptowalýuta millionerleriniň sany 40% artyp, 241 700 adama ýetdi. Bu barada Henley & Partners konsalting kompaniýasynyň hasabatyna salgylanyp, CoinDesk habar berýär. Kriptomillionerleriň sanynyň artmagy bazaryň ösüşi bilen baglanyşyklydyr: iýunda onuň kapitalizasiýasy 3,3 trln dollara ýetdi, bu bir ýyl ozalkydan 45% köpdür...

06.09.2025 16:32
7.6k+

Erik Tramp American Bitcoin-iň paýnamalarynyň ösmegi netijesinde milliarder boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ogly, telekeçi we haýyr-sahawatçy Erik Tramp milliarder boldy. Bu American Bitcoin kriptowalýuta kompaniýasy NASDAQ biržasyna çykandan soň bolup geçdi diýip, Forbes habar berýär...

02.04.2024 05:53
5.3k+

ABŞ-nyň kompaniýasy Ethereum-ETF spotlaryny tassyklamagyny haýyş edip döwlet düzgünleşdirijisine ýüz tutdy

Blokçeýnler üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýan we MetaMask kripto gapjygyny döreden ConsenSys kompaniýasy spot Ethereum-ETF-leriň ykrar edilmek mümkinçiligine seretmek baradaky haýyş bilen ABŞ-nyň Gymmatly...