ABŞ-nyň kompaniýasy Ethereum-ETF spotlaryny tassyklamagyny haýyş edip döwlet düzgünleşdirijisine ýüz tutdy

  • 02.04.2024 05:53
  • 5.4k+

Blokçeýnler üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýan we MetaMask kripto gapjygyny döreden ConsenSys kompaniýasy spot Ethereum-ETF-leriň ykrar edilmek mümkinçiligine seretmek baradaky haýyş bilen ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça komissiýasyna (SEC) hat ýollady diýip, forklog habar berýär.

Bu hatda kapitalizasiýasy boýunça ikinji uly kriptowalýuta bolan Ethereum-yň PoS algoritminiň bardygy sebäpli, bitkoin bilen deňeşdirilende, howpsuzlyk derejesiniň has ýokarydygy aýdylýar.
Kompaniýa Ethereum-yň artykmaçlyklaryny paýlanan werifikasiýa prosesinde, kezzaplyga we manipulýasiýa garşy guralan mehanizmlerde we hüjümiň ýokary bahasynda görýär. Şeýle hem, ConsenSys Ethereum-y, Bitcoin-a garanda, ekologiýa taýdan has arassa diýip belledi.
Hatda: "Biz SEC-i Ethereum-yň öňdebaryjy howpsuzlygyny ykrar etmäge çagyrýarys, ol diňe bir SEC tarapyndan öň tassyklanan howpsuzlyga we durnuklylyga laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem bitkoin ETF-leriniňkiden hem ýokarydyr" – diýip nygtalýar.
Owal Grayscale we Coinbase SEC bilen ETHE-ni Ethereum ETF-e öwürmek meselesini ara alyp maslahatlaşypdy. Şeýle hem ETF-leri işe girizmek ýaryşyna Franklin Templeton, VanEck, BlackRock, Galaxy bilen Fidelity we Invesco gatnaşýar.
ABŞ-nyň senatorlarynyň ozal SEC-den bu gurallaryň “ägirt uly töwekgelçilikleriniň” bardygyny görkezip, täze kriptowalýuta birža gaznalarynyň tassyklanmagynyň öňüni almagyny haýyş edendigini bellemelidiris.


30.04.2026 07:20
2.1k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

09.04.2026 14:41
4.6k+

NYT-nyň derňewi: bitkoini döreden - kriptograf Adam Bek

Satoşi Nakamoto lakamyny ulanyp, özüniň hakyky adyny tanytman gelýän, bitkoiniň döredijisi diýlip hasaplanýan adam meşhur britan kriptografy we Blockstream kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Adam Bekdir......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......

29.03.2026 23:55
6.3k+

Ilon Mask ABŞ-da öz hasabyna üç sany ýolagçy tunelini gurar

Ilon Maskyň esaslandyran «The Boring Company» kompaniýasy ABŞ-da üç sany täze ýolagçy tuneliniň gurluşygyna başlaýandygyny yglan etdi. Bu taslamalaryň ählisi kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna doly......