Dünýäde bitkoin-millionerleriniň sany ýylyň başyndan bäri üç esse artdy

  • 15.11.2023 11:47
  • 5.5k+

Kriptowalýuta, bitkoin ýylyň başyndan bäri tas 120 göterim ösüş görkezdi we ýene-de maýadarlaryň ünsüni özüne çekmegi başardy. Analitiki maglumatlara görä, 2023-nji ýylda serişdeleri bitkoin gapjyklarynda saklanýan dollar millionerleriniň sany üç esseden gowrak artdy we 88,6 müňden gowrak adama ýetdi. Mundan başga-da, häzirki wagtda 37,05 müň dollar bilen bahalandyrylýan azyndan bir birlik kriptowalýuta saklaýan tutuş bitkoinli gapjyklaryň eýeleriniň sany hem artýar diýip, aif.ru belleýär.

Bitkoinleriň we kriptowalýutalaryň esasy artykmaçlyklarynyň biri hiç kimiň million balansly gapjyklaryň aňyrsynda kimiň gizlenýändigini bilmeýändigidir, ýöne River Intelligence analitik we gözleg kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, bu sanly aktiwiň iň baý eýesi ony dörediji Nakamoto Satoşidir. Kompaniýanyň analitikleri Satoşä 20 müňden gowrak dürli gapjyga paýlanan 1 milliondan gowrak bitkoiniň degişlidigini belleýärler. Ýöne hünärmenler islendik başga bir görkezijini hem getirip bilerdiler, sebäbi olary barlamak barybir mümkin däl.


03.10.2025 17:03
4.2k+

Pawel Durow bitkoiniň $1 mln çenli ösüşini çaklady we Telegram-y “ýitgili taslama” diýip atlandyrdy

Telegram messenjeriniň esaslandyryjysy we işewür Pawel Durow bitkoiniň geljegi barada pikirleri bilen paýlaşdy. Onuň pikiriçe, kriptowalýutanyň bahasy bir million dollara ýetip biler. Ol öz çaklamasyny žurnalist Leks Fridman bilen söhbetdeşlikde aýtdy...

30.09.2025 16:59
2.6k+

Dünýäde kriptomillionerleriň sany bir ýylda 40% artyp, 241 700-e ýetdi

Soňky bir ýylda dünýäde kriptowalýuta millionerleriniň sany 40% artyp, 241 700 adama ýetdi. Bu barada Henley & Partners konsalting kompaniýasynyň hasabatyna salgylanyp, CoinDesk habar berýär. Kriptomillionerleriň sanynyň artmagy bazaryň ösüşi bilen baglanyşyklydyr: iýunda onuň kapitalizasiýasy 3,3 trln dollara ýetdi, bu bir ýyl ozalkydan 45% köpdür...

06.09.2025 16:32
7.7k+

Erik Tramp American Bitcoin-iň paýnamalarynyň ösmegi netijesinde milliarder boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ogly, telekeçi we haýyr-sahawatçy Erik Tramp milliarder boldy. Bu American Bitcoin kriptowalýuta kompaniýasy NASDAQ biržasyna çykandan soň bolup geçdi diýip, Forbes habar berýär...

14.04.2024 14:46
9.4k+

Kriptowalýutalar birden 10-30% arzanlady. Bitkoin ýitiren bahasynyň bir bölegini yzyna almagy başardy

Şenbe güni geçirilen söwda sessiýasynda bitkoiniň hümmeti düýpli üýtgäp başlady. Iki sagadyň dowamynda esasy kriptowalýutanyň bahasy, takmynan, 10% arzanlap, 60-61 müň dollar töweregi aşaklady, hatda, birža baglylykda...