Mbappe familiýasyny we geçiren goluny belleýşini haryt nyşany hökmünde bellige aldyrmak isleýär

  • 21.02.2024 20:04
  • 14k+

“Pari Sen-Žermeniň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Kilian Mbappe öz familiýasyny we geçiren goluny belleýşini täze haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrmak isleýär. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Intellektual eýeçilik edarasyna (EUIPO) salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Resmi arza 8-nji fewralda Parižiň hukuk firmasy tarapyndan berildi. Hüjümçi haryt nyşanynyň kosmetika, hojalyk serişdeleri, enjamlar, şaý-sepler, çap önümleri, deri önümleri, dokma önümleri, aýakgap, oýunlar ýaly harytlar we hyzmatlar üçin täjirçilik taýdan ulanylmagyny üpjün etmäge çalyşýar.
Mundan öň Mbappe adyny, inisiallaryny we meşhur şygarlaryny öz içine alýan ýedi sany haryt nyşanyny hasaba aldyrypdy. Indi ol öz familiýasyny we ellerini döşünde gowşuryp durup geçiren goluny baýram edişini haryt nyşany hökmünde ulanmakçy bolýar.


düýn 19:10
3.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....