Samsung dünýäniň öňdebaryjy telewizor öndürijisi boldy. Eýýäm 18-nji gezek

  • 21.02.2024 19:55
  • 10k+

2023-nji ýylda Samsung kompaniýasy yzygider 18-nji ýyl telewizor bazarynyň lideri boldy. Bu barada Omdia analitik firmasynyň täze hasabatyna salgylanyp, SamMobile neşiri habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Hasabata görä, 2023-nji ýylda Samsung-yň dünýäniň telewizor bazaryndaky paýy 30,1% boldy. Geçen ýyl kompaniýa 8,31 million QLED we Neo QLED telewizoryny satdy. 2017-nji ýylda ilkinji QLED telewizorlary çykyp başlany bäri Samsung şeýle gurluşdan 44 milliondan gowragyny satdy.
Kompaniýa premium telewizorlaryň segmentinde hem öňdebaryjy orny saklady. Samsung bu segmentde 60,5% bazar paýyny eýeleýär. Bu 2022-nji ýyldakydan 12,2% köpdür.
2022-nji ýylda OLED telewizorlary ilkinji gezek çykyp başlany bäri Samsung şeýle ekranlardan milliondan gowragyny satyp, bazaryň 22,7%-ini eýeledi. Kompaniýa şu ýyl ekran diagonaly uly bolan gurluşlaryň hasabyna OLED telewizorlarynyň satuwynyň artmagyna garaşýar.
Samsung Electronics-iň TV bölümçesiniň prezidenti Ýen Sok U ýakyn ýyllarda kompaniýanyň Micro LED ekranly telewizorlary has elýeterli etmegiň üstünde işlejekdigini aýtdy. Ilkinji nobatda, şeýle gurluşlaryň bahasy ekran diagonalynyň kiçeldilmeginiň hasabyna peseldiler.


24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.6k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....