Meizu smartfon öndürmegini bes edýär. Ol “ertirki günüň gurluşyny” döreder

  • 21.02.2024 19:53
  • 2.9k+

Meizu täze smartfonlary işläp taýýarlamagy bes edýändigini mälim etdi. Munuň deregine kompaniýa öz güýjüni emeli aň tarapyndan dolandyrylýan “ertirki günüň gurluşyny” döretmäge gönükdirmek kararyna geldi. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Xingji Meizu Group kompaniýasynyň başlygy we baş müdiri Şen Szyýuý brendiň ugruny üýtgetmek kararynyň smartfon bazaryndaky üýtgeşmeler bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, indi sarp edijiler gurluşy seýrek ýagdaýda, ortaça 51 aýda bir gezek täzeläp başladylar, sebäbi indi dürli brendleriň telefonlary deňeşdirip boljak aýratynlyklar bilen hödürlenýär. Şeýle-de, ol bazardaky bäsdeşligi “ýaraglandyryş ýaryşy” bilen deňeşdirdi.
Netijede, Meizu smartfon öndürmek işinden ýüz öwürmek kararyna geldi, Meizu 21 Pro, Meizu 22 we Meizu 23 ýaly modelleriň üstündäki işler hem togtadyldy. Şen topar döretmek, resurslary paýlamak we önümi meýilnamalaşdyrmak ýaly iki ýyl taýýarlykdan soň, Meizu-nyň emeli aň pudagyny doly özleşdirmäge taýýardygyny belledi.
Meýilnamalar 2024-nji ýylyň dowamynda emeli aň döwrüne uýgunlaşdyrylan täze mobil operasion ulgamynyň işe girizilmegini hem-de emeli aňa esaslanýan ilkinji enjam önüminiň tanyşdyrylmagyny öz içine alýar.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
965

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...