Google Windows 11-i götermeýän köne PK üçin alternatiw OS hödürledi

  • 22.02.2024 08:30
  • 3.9k+

Microsoft tiz wagtdan Windows 10-y täzelenmeler bilen goldamagyny bes eder, Windows 11-i gurnamak üçin bolsa bazardaky köp kompýuterler minimal sistema talaplaryna laýyk gelmeýär. Canalys analitikleriniň hasaplamalary boýunça, şu sebäpli indiki ýyl 240 mln töweregi personal kompýuter aktuallygyny ýitirer.

Google bu pursatdan peýdalanmak kararyna geldi we könelişen PK ulanyjylary özüne çekip başlady. TechSpot-yň habar berşi ýaly, kompaniýa olara alternatiwa hökmünde öz ChromeOS Flex operasion sistemasyny hödürledi.  
Bu Android programmalaryň goldawyny we Windows-soft emulýasiýasyny ýitiren asyl ChromeOS-yň birneme ýönekeýleşdirilen görnüşidir. Şol bir wagtyň özünde, ol enjam serişdelerini talap ediji däl we internete birikmesiz işläp bilýär (şeýle-de bolsa, onuň funksionallygy, esasan, soňka bagly). Korporasiýa operasion sistemasynyň Microsoft-yň operasion sistemasyndan energiýa taýdan 19% has tygşytlydygyny belledi.
Google öz sistemasyny ýene uzak wagtlap täzelenmeler we howpsuzlyk programmalary bilen goldamagy wada berýär.
ChromeOS Flex islendik Intel we AMD prosessoryny diýen ýaly goldaýar, 4 GB operatiw ýat we diskde 16 GB boş ýer talap edýär.
Brauzerden başga-da, OS tekst we grafiki redaktorlary, Microsoft Office ýaly paketleri, poçta müşderilerini, surat görüş serişdelerini, arhiwatorlary we beýleki programmalary göterýär. Ol käbir periferiýa enjamlary we ARM prosessorlary bilen “oňuşmaýar”. Flex Google-yň programmalar dükany bilen işlemeýär we adaty Android programma üpjünçiligi bilen işlemäge ukyply däl.
ChromeOS Flex-i gurnamak üçin gollanma Google-yň resmi saýtynda ýerleşdirildi.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....