Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Fon der Lýaýen ikinji möhlete dalaş eder

  • 21.02.2024 11:45
  • 3.3k+

Ýewropa Komissiýasynyň (ÝK) başlygy Ursula fon der Lýaýen bu wezipede ikinji möhlet üçin dalaşgärligini hödürlejekdigini aýtdy. Muny TASS ýetirýär.

Fon der Lýaýen 2019-njy ýylda ÝK-nyň başlygy bolmak mümkinçiligi berlende, intuitiw razy bolandygyny, häzir bolsa doly ýagdaýda aňly we oýlanyşykly karara gelendigini, öz dalaşgärligini ikinji möhlete hödürlemek isleýändigini aýtdy.
Partiýanyň başlygy Fridrih Mers dalaşgärligi hödürlemek baradaky çözgüdiň dolandyryjy agzalar tarapyndan biragyzdan kabul edilendigini belledi.
Fon der Lýaýen 2019-njy ýylyň iýun aýynda Ýewropa Bileleşiginiň sammitiniň netijesi bilen ÝK-nyň başlygy wezipesine bellendi. Ol bu wezipäni 2019-njy ýylyň 1-nji dekabryndan bäri eýeleýär. Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň indiki ygtyýarlylyk möhleti 2024-nji ýylyň dekabr aýyndan 2029-njy ýylyň noýabr aýyna çenli dowam eder.


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....