Asus we Hario emeli aň oturdylan akylly kofe maşynyny hödürlediler

  • 21.02.2024 11:15
  • 2.9k+

Asus kompaniýasy akylly kofe maşynynyň täze neslini - V60-y döretmek üçin Hario Corporation bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini mälim etdi. ITHome-iň habar bermegine görä, täze önüm içerki emeli aň bilen üpjün ediler.

AI-niň kömegi bilen kofe enjamy ulanyjynyň göwnüne ýarajak içgi reseptlerini maslahat bermek üçin, ulanyjynyň isleglerini seljerip başlar, sargytlaryň taryhyny we hatda, daşky gurşawyň aýratynlyklaryny hem öwrener. Mundan başga-da, ol iň oňat barristolaryň reseptlerini teklip eder: V60-iň reseptler kitaphanasy dünýäniň iň gowy barristolarynyň täze döredenleri  bilen yzygiderli täzelenip durar.
Şeýle hem AI ulanyja hakyky kofe ussady bolmaga kömek edip, onuň bilen maslahatlaryny we usullaryny paýlaşar.
V60 seriýaly kofe maşyny ajaýyp kofeni taýýarlamak üçin ýörite V60 süzgüjini we Hario V60 ulgamyny alar: içginiň 18 sany resepti, şeýle hem saýlamak üçin 10 akym derejesi bar.
Şeýle hem, enjamda temperaturany 80℃-dan 96℃ aralygynda takyk sazlamaga mümkinçilik berýän, şeýle hem kofe taýýarlamak üçin suwuň mukdaryny takyk sazlamaga mümkinçilik berýän temperatura gözegçilik ulgamy we elektron terezi bolar.
V60-nyň bahasy ýa-da goýberiljek senesi barada entek maglumat ýok. Asus we Hario ýakyn wagtda has köp maglumat yglan eder diýlip garaşylýar.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
974

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...