Windows 11-de QR kody ulanyp, Wi-Fi-a birigip bolar

  • 21.02.2024 06:44
  • 2.5k+

QR kody ulanyp, Wi-Fi torlaryna birikmek eýýäm köp smartfonlarda bar. Indi bu aýratynlyk Windows 11 enjamlarynda hem elýeterli bolar diýip, tom's Hardware-a habar berýär.

Microsoft şu ýylyň ahyrynda çykmagyna garaşylýan 24H2 täzelenmesinde şeýle aýratynlygy synagdan geçirýär.
Bu aýratynlyk noutbuklarda we kamera bilen enjamlaşdyrylan ýa-da birikdirilen kamerany ulanmaga ukyply islendik Windows enjamlarynda peýda bolar. Enjamyň kamerasy QR koduny gözden geçirenden soň, ulanyja birikmek üçin zerur SSID we paroly berler.
Bu aýratynlyk diňe bir noutbuklaryň we planşetleriň eýeleri üçin däl, eýsem Windows-da işleýän ähli kompýuterler üçin hem peýdaly bolup biler.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
900

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...