Amazon dünýäde iň uly kompýuter sözleýşiniň emeli aň modelini hödürledi

  • 19.02.2024 23:58
  • 2.9k+

Amerikan tehnologiýa kompaniýasy Amazon teksti sintezlenen sözleýşe öwürmek üçin emeli aň modelini işläp düzdi. Döredijileriň aýtmagyna görä, neýroulgam häli-häzire çenli şeýle görnüşli iň uly ulgam boldy. Gözlegiň netijeleri arXiv portalynda ýerleşdirildi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Big Adaptive Streamable TTS with Emergent options (BASE TTS) atly model 980 mln parametre eýe bolup, esasan, iňlis dilinde ýazylan 100 müň sagatlyk sözleýiş nusgalaryny ulanmak bilen türgenleşdirildi.
Şeýle-de, topar modeliň “adios, amigo” ýaly meşhur aýtgylary dogry aýdyp bilmegi üçin oňa beýleki dillerdäki sözleriň we jümleleriň aýdylyş mysallaryny berdi.
Işläp düzüjiler BASE TTS-ni kiçi maglumatlar toplumynda synagdan geçirdiler. Netijede, emeli aňyň çylşyrymly atlary ulanmaga, emosiýalary bildirmäge, punktuasiýadan peýdalanmaga, şeýle-de dogry sözlere ünsi çekip sorag bermäge ukyplydygy anyklanyldy.
Amazon BASE TTS-ni öwrediji programma hökmünde bilim maksatlary bilen ulanmagy meýilleşdirýär.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

15.05.2026 12:36
2.7k+

NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......