Apple Ýewropada iOS-daky web goşundylaryny goldamagyny bes eder

  • 19.02.2024 08:21
  • 5.4k+

«Apple» «iOS» operasion ulgamyndaky progressiw web goşundularyna (PWA) goldawyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň ulanyjylary üçin ýapyljakdygyny tassyklady. Kompaniýa sanly bazarlar hakyndaky kanun (DMA) sebäpli bu ädimi ätmäge mejbur boldy.

Bu düzgünlere laýyklykda, ykjam operasion ulgamlarynyň eýeleri 2024-nji ýylyň 6-njy martyndan gijä galman, öz platformalarynda beýleki taraplaryň dükanlarynyň ulanylmagyna, öz dükanlaryndakylardan başga-da ykjam goşundylary gurnamaga rugsat bermeli we bäsdeşlik üçin bu ugurda birnäçe eglişik etmeli.
«The Verge» neşirinde bellenilmegine görä, ýewropaly ulanyjylara PWA goldawy iOS 17.4-de ýitdi. «Apple-iň» habarnamasynda web goşundylarynyň «mundan beýläk deslapky brauzerden açyljakdygy» aýdylýar.
Öňküsi ýaly, PWA-lary baş ekrana ýazdyryp bolýar, ýöne indi olar adaty zakladkalar ýaly, diňe brauzerde açylar.


07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

07.05.2026 09:42
1.4k+

ÝB-däki täze awtoulaglar sürüjiniň ünsüne gözegçilik ulgamy bilen enjamlaşdyrylar

2026-njy ýylyň iýul aýyndan başlap, ÝB ýurtlarynda awtoulaglaryň howpsuzlygy boýunça täze talaplar giriziler: ähli täze awtoulaglar goşmaça duýduryş ulgamlary bilen üpjün edilmelidir....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

30.04.2026 22:03
3.8k+

Belgiýada çarlaklaryň sesine öýkünmek boýunça bäsleşik geçirildi

Belgiýanyň De-Panne şäherçesinde her ýyl däp bolan ýewropa bäsleşiginiň nobatdaky sany geçirildi. Bu gezek gatnaşyjylar çarlaklaryň sesine iň ökde öýkünmek ugrunda bäsleşdiler. Oňa Ýewropanyň 16 ýurdundan......