iOS 26-da animasiýalar çaltlaşdyryldy: köne iPhone “has janly” işlär

  • 17.08.2025 23:37
  • 3.2k+

Apple kompaniýasy iOS 26-ny synagdan geçirmegi dowam etdirýär, onuň durnukly wersiýasy indiki aýda iPhone 17 bilen bilelikde çykar. Häzir işläp düzüjiler iOS 26 beta 6-ny gurnap bilýär, onda birnäçe uly üýtgeşmeler peýda boldy.

Interfeýsiň dizaýnynyň täzelenmeginden başga-da, animasiýa birneme çaltlaşdy. Bu hatda köne iPhone modellerinde-de smartfon çalt işleýän ýaly täsiri döredýär.
Aslynda, täzelenmeden soň smartfonlaryň hakyky öndürijiligi ýokarlanmaz, ýöne animasiýalaryň çalt hereket etmegi interfeýsiň kabul edilişine täsir eder. Şol sebäpli iPhone has çalasyn işleýän ýaly görner.
Effektler ortaça 150 millisekunt çalt tamamlanýar. Esasy tapawut interfeýsiň elementleriniň çalt görkezilmegidir. Umuman aýdanyňda, programmalar wizual taýdan tiz işläp başlaýar. Häzirki nesil iPhone-da bu üýtgeşmeler has gowy göze ilýär.
Şol bir wagtyň özünde interfeýsiň köp elementleriniň dizaýny hem üýtgär, bu bolsa käbir ulanyjylaryň nägileligine sebäp bolup biler.
iOS 26-da animasiýalaryň çaltlaşdyrylmagy Android-iň tendensiýasyna eýerýän bolsa gerek, bu ýerde interfeýs elementleriniň tizligi eýýäm iOS 18-den ýokary.


düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...