Berlinde 74-nji halkara film festiwaly başlandy

  • 18.02.2024 18:44
  • 4.1k+

Berlinde 74-nji halkara film festiwaly başlandy. Film festiwalynyň açylyşynda baş keşpde Killian Merfiniň oýnamagynda “Şeýle ownuk zatlar” atly irland-belgiýa dramasynyň görkezilişi boldy.  

Bu filmde waka 1985-nji ýylyň Roždestwo baýramynyň öňüsyrasynda ýaýbaňlanýar we ýerli monastyr bilen baglanyşykly haýran galdyryjy syrlaryň üstünden baran kömür söwdagäri barada gürrüň berilýär. “Şeýle ownuk zatlar” festiwalyň esasy ýaryş meýilnamasyna hem girýär we beýleki 19 film bilen birlikde baş baýrak - “Altyn aýy” ugrunda bäsleşýär.
Bu ýyl festiwalyň eminlerine meşhur aktrisa Lupita Niongo ýolbaşçylyk edýär.
Festiwalyň esasy wakalaryndan biri - meşhur režissýor Martin Skorseze kinematografiýa goşan goşandy üçin hormatly baýragyň gowşurylyşy bolar. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 20-nji fewralda bolar we Leonardo Di Kaprionyň, Mett Deýmonyň we Jek Nikolsonyň baş keşbi janlandyran “Ynanjyndan dänen” jenaýat dramasynyň görkezilmegi bilen tamamlanar.
Berlinale 2024 baýragynyň eýeleriniň atlary 25-nji fewralda ýapylyş dabarasynda yglan ediler.


08.06.2026 08:03
5.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......