Toyota adamlaryň we sürüjisiz awtomobilleriň arasyndaky gapma-garşylyk barada anime çykarar

  • 21.02.2024 12:24
  • 14k+

Ýaponiýanyň Toyota awtoöndürijisi kompaniýanyň awtomobillerine bagyşlanan GRIP atly bäş bölümli anime serialynyň çykyşyny anons etdi. Kompaniýa serialyň brendiň awtomobillerini ýaş auditoriýa hödürlemäge kömek etmegine bil baglaýar diýip, Variety neşiri habar berýär.

GRIP-iň sýužeti futuristik megapolisde ýaýbaňlanýar we bu ýerde Toyota-nyň sport awtoulaglaryndaky gahrymanlar topary awtomatiki transport ulgamyny dolandyrýan güýçli tehnologiki konglomerat SynthCorp-a garşy durýar.
GRIP serialynyň döredilmegi Toyota-nyň Intertend marketing agentligi bilen hyzmatdaşlygynyň netijesi boldy.
Anime formaty Z nesli (1997-nji ýyldan 2012-nji ýyl aralygynda doglanlar) üçin “ideal kanal” we adaty bolmadyk beýan ediş üçin platforma hökmünde saýlandy.

“Anime awtomobilleriň hem adamlaryň porttetini has giňişleýin döretmäge mümkinçilik berýär, şeýle-de sürüşden alynýan ýiti duýgulary we tolgunmalary güýçlendirmäge kömek edýär” – diýip, Intertend-iň strategiýa we döredijilik boýunça ýerine ýetiriji müdiri Metýu Çoý belledi.

GRIP-iň premýerasy 26-njy fewralda Toyota onlaýn platformasynda bolar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......