Volkswagen kompaniýasy Golf modeliniň ýubileý wersiýasyny çykardy

  • 18.02.2024 18:33
  • 9.5k+

Volkswagen kompaniýasy sekizinji nesliň täzelenen Golf modeliniň satuwyna başlady we modeliň 50 ýyllygy mynasybetli ýörite wersiýasyny hödürledi. Bu barada nemes awtoöndürijisiniň metbugat gullugyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Germaniýada Golf hetçbeginiň bahasy 27,2 müň ýewrodan başlanýar, uniwersal Variant alyja 28,3 müň ýewro düşer.
Golf Edition 50 ýubileý wersiýasy asyl nusgadaky 18 dýuýmlyk diskler, garaldyjy örtgüler bilen örtülen yzky aýnalar, radiator gözeneginiň yşyklandyrylmasy, potologyň gara örtügi, pedal nakladkalary we ýörite wersiýa degişlidigini aňladýan “50” ýazgyly logotipler bilen tapawutlanýar.
Täzelenen Golf 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda hödürlendi. Ol öňki modelden üýtgedilen faralar, öňdäki bamper, şeýle-de brendiň logotipiniň yşyklanmasy bilen tapawutlanýar. Salonda öňdäki panelde 10,4 – 12,9 dýuým ölçegli täze displeý oturdyldy. Şeýle-de, ChatGPT-li meidaulgam peýda boldy. Ruldaky sensor düwmeler ýönekeý düwmeler bilen çalşyryldy.
Täzelenen Golf-y alyjylara dürli görnüşli dokuz hereketlendiriji elýeterlidir: gibrid, benzin we dizel turbomotorlar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

14.05.2026 11:11
4.7k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......