Türkiye teleserial satuwynda dünýäde üçünji orunda durýar

  • 18.02.2024 15:18
  • 17k+

Türkiýe ABŞ-dan we Beýik Britaniýadan soň, teleseriallaryň eksportynda üçünji orunda durup, dünýä telewideniýede öňdebaryjylaryň birine öwrüldi. Parrot Analytics analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2020-nji we 2023-nji ýyllar aralygynda türk teleseriallaryna ählumumy isleg, Koreýa doramalaryna bolan 73% isleg bilen deňeşdirilende, 184%, ýokarlandy diýip, The Economist neşiri ýazýar.

"Muhteşem Yüzyıl" ("Ajaýyp asyr") we "Yargi" ("Adalat") ýaly türk teleseriallarynyň üstünlik gazanmagynyň syry olaryň gyzykly sýužetinde, owadan aktýorlarynda hem-de romantikanyň, ar alşyň we dramanyň özara sazlaşygyndadyr
Türk teleşüweleňleriniň eksporty 2022-nji ýylda 600 million dollar bolandyr diýlip çaklanylýar, seljerijiler indi olaryň satuwlarynyň milliardlarça dollara ýetjekdigini çaklaýarlar.
Bu teleşüweleňleriň meşhurlygy Ýakyn Gündogar bilen çäklenmeýär, olar Latyn Amerikasynda, iňlis dilli tomaşaçylaryň arasynda we Ýewropada hem üstünlik gazandy. 2023-nji ýylda täze türk teleseriallaryny iň uly import edijileriň üçlügine Ispaniýa, Saud Arabystany we Müsür girdi.
Glance telewideniýany seljeriş kompaniýasynyň habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Ispaniýada iň meşhur üç ssenariýa türkleriňki boldy. Ispanlar we latyn amerikalylar telenowella tomaşa etmegi adat edinipdirler, şonuň üçin hem türk programmalarynyň aşa duýguçyllygy we uzaklygy olary biynjalyk edenok.
Arap tomaşaçylary musulmanlary gahryman hökmünde görkezýändikleri üçin türk teleseriallaryna ýokary baha berýärler diýip, neşir belleýär.
Türkleriň çykaran seriallary abraýly halkara baýraklara eýe bolýandyklary bilen hem tanalýar. Şeýlelik bilen, 2023-nji ýylda biri-birine aşyk bolan bäsdeş aklawçylar barada hekaýat edýän "Yargi" serialy iň gowy telenowela hökmünde halkara “Emmi” baýragyny aldy.


13.05.2026 23:26
5.1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

04.05.2026 11:00
1.7k+

Türkmen filmleri Izmirde geçiriljek kinofestiwalda görkeziler

Şu gün Türkiýäniň Izmir şäherinde üçünji «Turan» halkara kinofestiwalynyň çäklerinde türkmen kinosynyň görkezilişi bolar. Çäre Egeý uniwersitetiniň Kommunikasiýalar fakultetiniň mejlisler zalynda sagat......

03.05.2026 16:13
7.8k+

Türkiýede uçarmanlary taýýarlamagyň 4 ýyllyk okuwyna dalaşgärleri kabul edişlik yglan edildi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetine uçarman hünäri boýunça 4 ýyllyk okuwlara bäsleşik esasynda kabul edişlik yglan......

28.04.2026 14:40
2.3k+

Türkiýäniň parlamenti 15 ýaşa çenli çagalaryň sosial torlara girmegini çäklendirdi

23-nji aprelde Türkiýäniň parlamenti 15 ýaşyna ýetmedik çagalara sosial torlarda akkaunt açmagy gadagan edýän kanuny kabul etdi. Indi platformalar ýaşy anyklamagyň ygtybarly ulgamlaryny ornaşdyrmaga we......