Microsoft Publisher-i goldamagyny bes eder

  • 19.02.2024 08:16
  • 1.5k+

«Microsoft» kompaniýasy bukletleri, senenamalary, wizitkalary we logotipleri döretmäge mümkinçilik berýän «Publisher» ykjam goşundysyndan ýüz öwürmekçidigini mälim etdi. Programma 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda «Microsoft 365» bukjasyndan aýrylar diýip, kompaniýanyň web sahypasynda aýdylýar.

«Microsoft-yň» bellemegine görä, «Publisher-iň» aýratynlyklarynyň köpüsi eýýäm «Word» we «PowerPoint» ýaly «Microsoft 365-däki» goşundylarda bar. Şeýle hem kompaniýa «Publisher-iň» iň köp ulanylýan ýagdaýlaryny «Word», «PowerPoint» we «Designer» goşundylaryna girizmegiň mümkinçiliklerini öwrenýändigini aýtdy.
«Publisher-iň» ulanyjylary ykjam goşundyda 2026-njy ýylyň oktýabr aýyna çenli işläp bilerler. Şeýle-de bolsa, 2024-nji ýylyň fewral aýynda «Microsoft» «Publisher-i» hem öz içine alýan «Office 2021 LTSC» goldawyny bes eder.
«Microsoft» ulanyjylara bu karary barada öňünden habar berdi. Şeýlelikde, olar üýtgeşmelere uýgunlaşyp, zerurlyklary üçin «Microsoft 365» ekoulgamynyň çäklerindäki ýa-da ondan daşary beýleki gurallary saýlap bilerler.
«Microsoft Publisher» 1991-nji ýylda «Windows» üçin özbaşdak ykjam goşundy hökmünde işe girizilipdi.


17.03.2026 20:39
802

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...