NASA “Woýajer 1”-i “janlandyrmaga” synanyşýar. Ol 1977-nji ýylda uçupdy we mundan 10 ýyl ozal Gün ulgamyndan çykypdy

  • 18.02.2024 15:24
  • 6.9k+

46 ýyl bäri işleýän adybelli “Woýajer-1” kosmiki gämisi çynlakaý bökdençlige sezewar boldy. 2023-nji ýylyň dekabrynda ol telemetriýany dogry ibermegi bes etdi we Ýere manysyz ikilik koduny iberdi.

NASA-nyň inženerleri enjamy janlandyrmaga synanyşýarlar, emma häzirlikçe bu başa baranok. Eger “Woýajer-1” -i bejerip bolmasa, onuň ylym üçin ýitirildigidir. Onuň ekiztaýy “Woýajer-2” häzirlikçe gowy işleýär, ýöne hyzmat ediş möhleti çäklidir.
NASA älemiň syrlary barada has köp zat öwrenmegimiz üçin iki enjamyň hem ýene birnäçe ýyl işlejekdigine umyt baglaýar diýip, Habr neşiri ýazýar.
“Woýajer 1” 1977-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda uçuryldy. Ýolugra ol Ýupiteri we Saturny öwrendi hem-de 2013-nji ýylda Gün ulgamyndan çykan ilkinji enjam boldy. Häzirki wagtda enjam Ýerden 24 milliard km uzaklykda we sagatda 61 müň km tizlik bilen syýahatyny dowam etdirýär. Indi enjamdan jogap almak üçin 45 sagat töweregi garaşmaly bolýar.
“Woýajer 2” kosmos zondy ondan 16 gün öň uçuryldy, ýöne “Woýajer 1” üçin has gysga ýol saýlanany sebäpli, “Woýajer 2”  hiç haçan onuň yzyndan ýetip bilmez. Şeýle-de bolsa, “Woýajer 2” Urana (1986-njy ýylyň ýanwar aýy) we Neptuna (1989-njy ýylyň awgust aýy) baryp ýeten ilkinji we ýeke-täk ýerli kosmiki gämi bolup galýar.
Şeýle-de, ol 2018-nji ýylda geliosferanyň çäginden çykdy we häzirki wagtda Ýerden 19 milliard km uzaklykda. Enjam durnukly işleýär, ýöne onuň hyzmat ediş möhleti ýangyç elementi bilen çäklenýär.
“Woýajerler” Gün ulgamy barada ummasyz köp maglumat toplap, planetalaryň, emeli hemralaryň we halkalaryň täsin suratlaryny Ýere iberdiler, şeýle hem geliosfera we ýyldyzlar giňişligi barada köp täze bilimleri berip, ylma uly goşant goşdular.


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....