Hytaý ýene birnäçe ýyldan Aýda kiçiräk mellek döretmegi meýilleşdirýär

  • 17.02.2024 12:10
  • 7.7k+

Hytaýyň Milli kosmos edarasy (CNSA) 2028-nji ýyla meýilleşdirilen “Çane-8” Aý missiýasy barada maglumat berdi. Ol Ýeriň hemrasynda ösümlikli ekoulgamlaryň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bu barada kosmos edarasynyň resmi saýtyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

“Çane-8” enjamy Gün energiýasynyň hasabyna Aý topragyny eretmäge we ony robotlaryň kömegi bilen mundan beýläkki gurluşyk üçin bloklara öwürmäge gönükdirilen gurluşy öz içine alýar.
Tejribe ösümlikler we mikroblar bar bolan germetik gurşawyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Netijede, alymlar geljekki Aý bazasynda gerek bolan azyk we kislorod önümçiligi üçin Aý topragyny ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek isleýärler.
Beýleki peýdaly ýükler radiometri we Ýere gözegçilik etmek üçin multispektral kamerany öz içine alýar. Gurluş Ýeriň klimaty we planetamyzyň magnitosferasy barada maglumat ýygnar.
“Çane-8” missiýasy Hytaýa adamlaryň Aýa gonuşyna taýýarlanmaga kömek eder, munuň 2030-njy ýyla çenli bolmagyna garaşylýar.


şu gün 10:51
398

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

07.06.2026 20:08
4.5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

30.05.2026 20:46
2.6k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....