"Arkadag" futbol kluby Peterburgyň "Zenit" kluby bilen duşuşar

  • 16.02.2024 20:40
  • 17k+

21-nji fewralda «Arkadag» futbol kluby BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda Sankt-Peterburgyň «Zenit» topary bilen güýç synanyşar. Bu barada «Arkadag» futbol klubunyň Metbugat gullugy habar berdi.

Oýnuň başlanjak wagty we geçiriljek stadiony ýakyn wagtda mälim ediler.
Belläp geçsek, «Zenit» topary Russiýanyň 9 gezek çempiony, 2008-nji ýylda UEFA-nyň Kubogynyň we UEFA-nyň Superkubogynyň eýesi hasaplanýar.
«Zenit» häzirki wagtda Russiýanyň Premýer-ligasynda ikinji orunda barýar. Toparyň hasabynda 18 oýundan soňra 36 utuk bar.
Häzirki wagtda 4-nji martda başlanjak Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyk görýän «Arkadag» topary Abu-Dabi şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda «Zenitden» başga-da birnäçe toparlar bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Şeýle oýunlaryň biri-de 18-nji martda RPL-iň ýene bir wekili «Pari NN» bilen bolar.
Ýeri gelende ýatlatsak, 2023-nji ýylyň aprelinde esaslandyrylan «Arkadag» futbol kluby geçen ýyl debýut möwsüminde Türkmenistanyň çempiony bolmagy we ýurduň Kubogyny eýelemegi başardy.


düýn 23:46
1.6k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
1.7k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.2k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......