HPG dünýädäki döwlet karzynyň soňky 50 ýylda rekord derejä ýetendigini mälim etdi

  • 16.02.2024 14:06
  • 5k+

HPG-niň gözleg bölüminiň müdiriýetiniň orunbasary Antonio Spilimbergo dünýäniň köp ýurtlarynda döwlet karzynyň derejesiniň soňky 50 ýylda iň ýokary möçbere ýetendigini aýtdy. Bu barada “Praým”habar berýär.

Spilimbergo Bütindünýä bankynda garyplyk meselesi baradaky konferensiýada çykyş edip, bu meseläni çözmegiň maksatly sosial çykdajylary talap edýändigini aýtdy. Şeýle hem, garyplaryň öňünde durýan birnäçe kynçylyklara, şol sanda demografiki, tehnologiki, howa bilen bagly we fiskal kynçylyklara ünsi çekdi.
Döwlet karzy birnäçe faktorlaryň netijesinde artdy. Şolaryň arasynda 2008-nji ýyldaky ählumumy maliýe çökgünligini görkezmek bolar, köp ýurtlar öz ykdysadyýetini goldamak üçin karzlary artdyrmaga mejbur boldy.
Soňra ýagdaý COVID-19 pandemiýasy bilen bagly hasam agyrlaşdy. Hökümetler saglygy goraýyş, sosial goldaw we bu kesele garşy göreşmek üçin çykdajylary köpeltmeli boldular.
Geosyýasy dartgynlyk we energiýa göterijileriň bahalarynyň ýokarlanmagy hem döwlet çykdajylarynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy.


düýn 08:04
6.3k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

24.06.2026 16:45
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 14:40
2.6k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......