Kanadaly mekdep okuwçysy Arhimediň «Ölüm şöhlesini» dikeltdi

  • 16.02.2024 13:35
  • 17k+

Kanadanyň Ontario şäherinden sekizinji synp okuwçysy köpden bäri dowam edip gelýän taryhy jedeli çözmäge kömek etdi. Ol taryhy ýyl ýazgylarynda beýan edilen Arhimediň «Ölüm şöhlesiniň» hakykatdanam netijelidigini subut etdi.

«Ölüm şöhlesi» Sirakuzanyň gabawy wagtynda (b.e. öňki 213-212 ýý.) ulanyldy. Rim harby gämileri şähere ýakynlaşanda Arhimed Gün şöhlesini duşman gämilerine gönükdirmek üçin aýlagyň boýunda aýnalary goýupdyr. Netijede, gämiler ot alypdyr.
Köp alymlar, şol sanda fransuz filosofy Rene Dekart bu hekaýany hyýaly hasaplaýardylar. Emma beýleki alymlar bu gadymy ýaragy döretmäge synanyşdylar.
12 ýaşly Brenden Sener synag wagtynda «Ölüm şöhlesiniň» stoluň üstünde ýerleşdirilen görnüşini döretdi. Birnäçe egreldilen aýnalary we LED stol çyralaryny ulandy. Serpikdirijiler 50 wattlyk ýylylyk çeşmesini kartonyň üstünde jemlediler. Gözegçiligiň esasynda her bir goşmaça aýnanyň goşulmagy bilen nyşananyň temperaturasynyň 2 gradus ýokarlanýandygyny görkezdi.
100 wattlyk lampa we dört aýna bilen geçirilen synag 10 gradus gyzgynlygy almaga mümkinçilik berdi. Okuwçy ýeterlik derejede güýçli ýylylyk çeşmesiniň we ideal burça gönükdirilen köp sanly aýnanyň kömegi bilen Arhimediň hakykatdan hem deňiz gämilerini ýakyp biljekdigi barada netijä geldi.


düýn 10:34
1.4k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......