ABŞ-nyň patent edarasy emeli aň işläp taýýarlamalaryny patentlemäge rugsat berer

  • 16.02.2024 13:07
  • 2.8k+

ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy (USPTO) indi adamyň emeli aňyň kömegi bilen oýlap tapyşlar üçin patent alyp biljekdigi barada habar berdi. Şol bir wagtda emeli aňyň özi oýlap tapyjy hökmünde ykrar edilip bilinmez.

USPTO-nyň neşir edilen görkezmesinde emeli aň oýlap tapyşlarynyň “düýbünden patentlenmeýän” hasaplanmaýandygy aýdylýar. Bu ýagdaýda adamyň şol oýlap tapyşyň döredilmegine goşan goşandyna aýratyn üns berilýär. Hut adam neýroulgam üçin wezipeleri kesgitlemelidir.
Şeýlelik bilen, oýlap tapyjy emeli aň ulgamy däl-de, diňe fiziki şahs bolup biler. USPTO emeli aňyň oýlap tapyş işinde ulanylandygy baradaky maglumaty aýan etmegiň hökmany däldigini hem belleýär.
USPTO-nyň bu çözgüdi patent hukugynda täze eýýamy açýar we emeli aň ösüşinde möhüm ädimi aňladýar.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
974

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...