Halkara gatnaşyklary instituty matematiki modelirleme boýunça talyplaryň arasynda ders bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi

  • 16.02.2024 11:27
  • 3.7k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematiki modelirleme boýunça ders bäsleşigi geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň halkara ykdysady gatnaşyklar fakultetiniň halkara ykdysady gatnaşyklar kafedrasy çäräniň guramaçysy bolup çykyş etdi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Ders bäsleşiginiň netijeleri boýunça oňa gatnaşanlaryň 30-sy orunlara eýe boldular.
7 sany birinji orny:

  • Muhammet Amandurdyýew we Ýupar Egirjäýewa (Türkmenistanyň DIM-niň HGI-si),
  • Bähbitgeldi Gurtlyýew (Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby instituty),
  • Ýalkapberdi Baýlyýew, Şöhrat Baýramow (Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty),
  • Ramazan Nurýagdyýew (Türkmen oba hojalyk instituty),
  • Tagandurdy Meredow (Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty) dagy eýeledi.

Ikinji orunlaryň 11-si we üçünji orunlaryň 12-si ýokarda agzalan ýokary okuw mekdepleriň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryna berildi.
Ders bäsleşiginiň ýeňijileri we baýrak eýeleri degişli derejeli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanarlar. Olaryň talyplary bäsleşige taýýarlamaga gatnaşan ylmy ýolbaşçylaryna hormat hatlary gowşurylar. Sylaglanyş dabarasy ýokary okuw mekdebinde Türkmenistanyň diplomatik işgärleri gününiň öňýanynda geçiriler.
Bäsleşigiň iki tapgyrda geçirilendigini belläp geçmek gerek. Birinji tapgyr test görnüşinde bolup, 50 sowaly özünde jemledi. Ikinji tapgyrda bäsleşige gatnaşyjylara ykdysady-matematik meseleleriň 6-sy berlip, olary çözmäge 4 sagat wagt berildi.
Bäsleşigiň öňdebaryjylaryny emin agzalary iki tapgyrda gazanan utuklarynyň jemi boýunça kesgitlediler. Eminleriň toparynyň düzümine ders bäsleşigine gatnaşan ýokary okuw mekdebiň her birinden bir mugallym, şeýle hem ylmy edaralaryň, kärhanalaryň, önümçilikleriň wekilleri, degişli hünärleriň bilermenleri girdiler. 


düýn 17:05
4.6k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.7k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......

21.05.2026 10:38
1.7k+

Oguz han adyndaky ITU-nyň talyplary halkara kiber bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

Russiýa Federasiýasy tarapyndan GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara......