Täze reňk çözgütleri. Insaýder täze, ýygnalýan Huawei Pocket S2-niň suratyny çap etdi

  • 15.02.2024 15:56
  • 7.7k+

Gizmochina-nyň habar bermegine görä, Internetde golaýda çykmaly eplenýän Huawei Pocket S2 smartfonynyň täze suratlary we ol baradaky jikme-jiklikler ýaýrady.

Fixed Focus insaýderi tarapyndan neşir edilen suratlar Pocket S2-ni üç reňk görnüşinde görkezýär: “Goýy benewşe”, “Rokoko Ak” we “Gara”.
Pocket S2-niň dizaýny köp babatda öňki Pocket S-i ýada salýar, ýöne düýpli üýtgeşmeler bar. Smartfonyň daşky ekrany ulaldylan, kameranyň modullary täzelenen we gelşigi kämilleşdirilen.
Pocket S2 -de Kirin 9000 5G prosessory, kämilleşdirilen esasy kamera we has uly daşky ekran bolar diýlip garaşylýar.
Huawei Pocket S2-niň resmi tanyşdyrylyşy ýakyn wagtda - insaýderleriň pikiriçe, fewral aýynyň ahyrynda bolup biler.
Huawei Pocket S 2022-nji ýylyň noýabr aýynda satuwa çykarylypdy we bazardaky iň meşhur ýygnalýan smartfonlaryň birine öwrülipdi. Pocket S2-niň ondanam üstünlikli bolmaga ähli mümkinçilikleri bar.


02.03.2026 14:22
2.5k+

Huawei meşhur Mate 80 Pro modelini 1300 ýewro bahasy bilen dünýä bazaryna çykardy

Huawei kompaniýasy halkara bazary üçin Mate 80 Pro flagman smartfonyny tanyşdyrdy. Bu waka 2022-nji ýyldaky Mate 50 Pro modelinden bäri bu seriýanyň dünýä derejesindäki ilkinji uly hödürlenilişi boldy. Smartfonyň 16 GB operatiw we 512 GB içerki ýat (fleş-ýat) bilen üpjün edilen görnüşine 1300 ýewro baha kesildi...

06.02.2026 14:14
822

Apple bilen Lenovo-nyň yhlasy bilen planşet bazary geçen ýyl tas 10% ulaldy

Omdia seljeriji kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň planşetler bazary durgunlykdan soň gaýtadan dikeldi. Iberilen önümleriň möçberi 9,8% ösüp, 162 million gurluşa ýetdi we bu 2020-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji diýmekdir...

24.10.2025 09:49
2.9k+

Huawei üýtgeşik dizaýn bilen router hödürledi

Huawei kompaniýasy Weibo sosial ulgamynda öz täze Huawei Router X3 Pro routeriniň suraty bilen paýlaşdy. Onuň tanyşdyrylyşy noýabrda bolar. Gizmochina-nyň belleýşi ýaly, gurluş adaty tor gajeti däl-de, has dogrusy, interýer elementi ýaly görünýär...

18.01.2025 17:12
4k+

Huawei elektrikli ulaglaryň zarýad stansiýalaryna robot gol ornaşdyrar, ol zarýad kabelini özbaşdak baglar

Huawei kompaniýasy elektrikli awtoulaglary zarýada goýmagy aňsatlaşdyrmak üçin täze robot goly hödürledi. Zarýad kabelini ulagyň zarýad nokadyna özbaşdak baglap bilýän robot gol şu ýylyň ikinji çärýeginde ähli...